Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Bellenilişi ýaly, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy üçin özboluşly köpri bolup durýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän başga-da käbir meseleler boýunça pikir alşyldy.
***
Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde şu gün Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy.