Luwr iş taşlaýyşlar sebäpli ýapyldy

16:3328.03.2023
0
31646
Luwr iş taşlaýyşlar sebäpli ýapyldy
Surat: magazineart.art

Pariždäki Luwr muzeýi nobatdaky iş taşlaýyşlar sebäpli ýapyldy, muzeýiň işgärleri pensiýa özgertmesini ýatyrmagy talap edýärler diýip, TASS habarlar gullugy ýurduň Ählumumy zähmet konfederasiýasyna salgylanyp habar berdi.

Luwr ýerli wagt bilen ir sagat 9.00-da ýapyldy. Guramaçylar bu çärä ýurduň medeniýet işgärleriniň birnäçe kardeşler arkalaşyklarynyň hem gatnaşýandygyny habar berdiler. Muzeýiň öňüne ellerinde «Muzeý pensiýa özgertmesine garşy çykýar», «Uzak ýaşamak üçin az işlemeli» diýen ýazgyly plakatlary saklap duran adamlar üýşdüler.

Parižiň Luwry ýurduň paýtagtynyň iň uly we meşhur muzeýidir, geçen ýyl oňa dürli ýurtlardan adamlaryň sekiz milliony baryp gördi.

Fransiýada iş taşlaýyşlar ähli pudaklary gurşap aldy, olar hökümetiň pensiýa ýaşyny 62-den 64-e çenli uzaltmak baradaky özgertmesinden soňra ýanwaryň ahyrynda başlandy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň