Soňky habarlar

Arhiw

Antonio Konte «Tottenhemi» terk etdi

14:1827.03.2023
0
44720
Antonio Konte «Tottenhemi» terk etdi
Surat: rg.ru

Antonio Konte «Tottenhem» kluby bilen hoşlaşdy. Klub iki tarapyň ylalaşygy esasynda şertnamanyň bes edilendigini mälim etdi. Möwsümiň ahyryna çenli topara Kristian Stellini tälim berer. Oňa Raýan Meýson ýardam eder.

Antonio Konte 2021-nji ýylyň noýabr aýynda «Tottenhemiň» baş tälimçisi wezipesine girişipdi. Geçen möwsümde onuň golastynda topar APL-y dördünji orunda tamamlady, häzirki wagtda hem «Tottenhem» premýer-liganyň turnir tablisasynda dördünji ýerde barýar.

«Tottenhem» Konteniň baş tälimçiliginde APL-da 56 oýun geçirip, şolaryň 32-sinde ýeňiş gazandy, 9-synda deň oýnady hem-de 15 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy. Italiýaly hünärmenden tälim alan döwründe topar her oýunda ortaça 1,88 utuk toplady. Bu babatda klubyň baş tälimçisi wezipesinde azyndan 38 oýun geçiren hünärmenleriň arasynda diňe Poçettino (her oýunda ortaça 1,89 utuk) Konteden öňde.

Ýeri gelende bellesek, «Tottenhemiň» indiki baş tälimçisi topara ozal 2014-2019-njy ýyllarda tälim beren Poçettino bolup biler. Öz gezeginde Poçettinodan soňra Žoze Mourinýo (2019-2021), Nunu Eşpiritu Santu (2021) we Konte (2021-2023) ýaly hünärmenleriň topara garaşylýan netijeleri gazandyryp bilmändiklerini bellemek gerek. Ady agzalan tälimçileriň üçüsi bilen hem şertnama wagtyndan öň bes edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň