Soňky habarlar

Arhiw

BMG: adamzadyň geljegi suw gorlarynyň ulanylyşyna baglydyr

11:4727.03.2023
0
24872
BMG: adamzadyň geljegi suw gorlarynyň ulanylyşyna baglydyr
Surat: egyptianstreets.com

Adamzadyň halas bolmagy onuň suw gorlaryndan tygşytly peýdalanyşyna baglydyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ählumumy suw gorlary boýunça üç günlük maslahatyň ýapylyşynda aýtdy diýip, «Report.az» neşiri ýazýar.

«Adamzadyň ähli umydy suw gorlaryny peýdalanmak we olary gorap saklamak boýunça durnukly dolandyryş babatda täze ugruň kesgitlenmegine baglydyr» diýip, Guterriş nygtady.

BMG-niň dünýäde suw gorlarynyň ösüşi boýunça nutugynda getirilen maglumatlara laýyklykda, häzir dünýä ilatynyň 26 göterimi, ýagny 2 milliard adam howpsuz agyz suwuna mätäçlik çekýär, 46 göterim, 3,6 milliard adam bolsa adaty arassaçylyk hyzmatlardan mahrumdyr.

Guramanyň barlaglary şeýle-de dünýä ilatynyň tas ýarysynyň arassa içimlik suwa mätäçdigini görkezdi. 2030-njy ýylda planetanyň ilaty suwuň ýiti ýetmezçiligine duçar bolar diýip, gurama hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň