Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar boýunça žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi

22:2326.03.2023
1
37697

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde guta býulleten atmak bilen, mynasyp gören dalaşgärlerine ses berdi.

Saýlaw uçastogynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Halk Maslahatynyň Başlygyna özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň bu gezekki saýlawlarynyň jemlerinden nähili netijelere garaşýarsyňyz diýlen sowala Gurbanguly Berdimuhamedow taryhyň dowamynda jemgyýet bolup, ýolbaşçyny saýlamak däp-dessura girdi diýip jogap berdi. Bu ýörelgeler halkyň paýhasly garaýyşlarynyň rowaç alýandygyny görkezýär.

Şu günki geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäräniň açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri taryhyň islendik döwrüniň halkara demokratik hukuklaryna, dünýewi talaplarynyň berjaý edilýän ýörelgelerine baýdygyny aýtdy.

Bu gezekki saýlawlaryň ozalkylardan tapawudy bilen baglanyşykly berlen sowala bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri bu gezekki saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň aglaba köpüsiniň ýaşlardan ybaratdygyny görkezýär diýip jogap berdi. Munuň özi türkmen halkynyň döreden «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen paýhasly jümlesinden ugur alnan ýörelgeleriň dabaralanýandygyny görkezýär.

Häzirki döwrüň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlardygy bizi begendirýär. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine oňyn mümkinçilikleri üpjün eder.

Şeýle hem şu gezekki saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň arasynda köpsanly gelin-gyzlaryň bolmagy ýurtda zenan mertebesine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermekde, olary Watan, halk üçin gerekli ýaşlar edip ýetişdirmekde mährem enelere möhüm ornuň degişlidigini aýratyn belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalarynyň wekillerine, şeýle hem halkara synçylara we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň bu gezekki saýlawlara gatnaşyp, öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan etmekleriniň halk üçin uly hormatdygyny aýtdy we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri, dünýäniň ähli ýurtlarynda asudalygyň, abadançylygyň we parahat durmuşyň dabaralanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň