Mbappe milli ýygyndydaky gollarynyň sany boýunça Benzemadan öňe geçdi

13:2125.03.2023
0
22575

Kilian Mbappe Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli futbolçylaryň sanawynda Karim Benzemadan öňe geçip, ilkinji bäşlige girdi.

Fransuz ýygyndysynyň kapitany Ýewro ― 2024-iň saýlama tapgyrynda Niderlandlar bilen bolan duşuşykda (4:0) milli ýygyndydaky 37-nji we 38-nji gollaryny geçirdi.

Indi Mbappeden öňde Mişel Platininiň 41, Antuan Grizmannyň 43, Týerri Anrinniň 51, Oliwýe Žirunyň 53 goly bar. Rekordlaryň futbolçysy Mbappede bularyň ählisinden hem öňe geçmäge mümkinçilik bar. Muny öňümizdäki ýyllar görkezer.

Pariž şäherinde geçirilen duşuşykda fransuz ýygyndysynyň beýleki gollaryny Antuan Grizmann bilen Daýo Upamekano geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň