Ruslan Mingazow Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ýagdaý barada maglumat berdi

16:3222.03.2023
0
26735

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow uzak wagtlyk uçuşdan soň, Malaýziýanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdan ozal milli ýygyndydaky ýagdaý barada maglumat berdi.

«Keýpimiz kök, bilelikdäki ýeke-täk türgenlerşigimiz ir bilen Kuala-Lumpurda boldy. Agşam bolsa ýoldaşlyk duşuşygynyň geçiriljek ýerine ― Johor-Baru şäherine uçduk.

Elbetde, ýene-de milli ýygynda gaýdyp gelmek ýakymly ýagdaý. Ýigitleriň köpüsi maňa tanyş, ýöne täzelikde goşulanlary hem bar. Bilelikde gowy netije alarys diýip tama edýärin.

Biziň ilkinji maksadymyz sazlaşykly oýnap, baş tälimçimiziň oýun pelsepesine dogry düşünmek. Wagtyň gerekdigini bilýäris, ýöne muny başararys. Beýle duşuşyklar bolsa bize tejribe gazandyrar.

Dogry, bu ýoldaşlyk duşuşygy. Ýöne, barybir, her kimi netije gyzyklandyrýar. Malaýziýanyň güýçli garşydaşdygyna düşünýäris. Milli ýygyndynyň futbolçylarynyň aglabasy bir toparyň wekilleri, bu olaryň sazlaşykly oýnamagyna ýardam eder.

Bu oýun biziň üçin güýjümizi barlamak we oýundan soň dogry netije çykarmak üçin mümkinçilikdir. Netije barada gürleşemzok, ýöne oýun derejesi resmi oýunlardaky ýaly bolmaly».

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 23-nji martda Johor ştatyndaky Soltan Ibragim adyndaky stadionda bolar we ol Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň