Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada «Türkmenmetbugat» habar berýär.
Bu maslahat Hytaýdan, Russiýadan, Bolgariýadan, Horwatiýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Koreýa Respublikasyndan gelen wekilleri bir ýere ýygnady.
Çeşmäniň bellemegine görä, daşary ýurt wekilleri türkmen kärdeşleri bilen syýahatçylyk pudagynda mundan beýläk-de hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.
Ozal halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýandygy barada habar beripdik.