Soňky habarlar

Arhiw

20-nji martda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

23:1713.01.2023
0
51961

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda M.Mämmedowa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler.

Bulardan başga-da, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýan hem-de Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik we hoşmeýillilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän döwrebap syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň syýahatçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerine we kuwwatyna bagyşlanan iri çäreleriň geçirilmeginiň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň