Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 26-njy martda 3,5 million adam saýlawlara gatnaşar

00:1120.03.2023
0
17204

TASS 2023-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna geçiriljek saýlawlar üçin hasaba alnan saýlawçylaryň sanynyň 3,5 milliondan gowrakdygyny mälim etdi.

«2023-nji ýylyň 12-nji martyna çenli ýurtda hasaba alnan 3,496,475 saýlawçy bar. Daşary ýurtlarda 13.078 saýlawçy ses berer» diýip, neşir ýazdy.

Häzirki wagtda ýurtda 2644, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň ýanynda 42 saýlaw uçastogy döredildi.

Saýlawlara 2,855 milli synçy we halkara synçylaryň köp sanlysy gatnaşar. Şeýle hem saýlawlara daşary ýurtlaryň metbugat wekilleri hem geler ― diýip, çeşme belleýär.

240 saýlaw uçastogy wideo kameralar bilen enjamlaşdyrylar. Ses berişlik 26-njy martda Aşgabat wagty bilen sagat 07:00-dan 19: 00-a çenli Merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň