CAFA – 2023-iň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy

11:2116.03.2023
0
45479

Futbol boýunça Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň bijeleri şu ýylyň maý aýynyň başynda çekiler. Bu barada TASS CAFA-nyň metbugat wekili Polat Allagulyýewiň aýdanlaryna salgylanyp habar berdi.

Ol neşiriň habarçysyna işleriň bije çekişligiň geçiriljek ýerini we wagtyny ylalaşmak tapgyryna gelendigini gürrüň berdi. Deslapky maglumatlara görä, bijeleriň maý aýynyň başynda çekilmegine garaşylýar.

Çempionatyň özi 9 — 21-nji iýun aralygynda Bişkek hem-de Daşkent şäherlerinde geçiriler.

CAFA tarapyndan milli ýygyndylar derejesinde ilkinji gezek geçiriljek çempionata 8 ýygyndynyň, şol sanda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň