Şu gün Aşgabadyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Metjide gelende Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu waka bilen baglylykda ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekillerini mähirli mübärekledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Weýrançylykly ýertitremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.
Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de pursatdan peýdalanyp, şu günki sadakanyň guralandygy we çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.
Din wekilleri mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini okadylar hem-de şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagy barada dileg etdiler.
— Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň jaýy jennet bolsun! Allatagala olara iman baýlygyny bersin! — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi.
Sadaka tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.