Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda Prezidentiň ygtyýarlylyk möhletini 5 ýyldan 7 ýyla uzaltmak isleýärler

10:5215.03.2023
0
14675

«Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Kanunyň taslamasyna Prezidentiň ygtyýarlylyk möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak barada madda girizildi diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Özbegistanyň Mejlisiniň aşaky palatasy Prezidentlik möhletiniň uzaldylmagy baradaky referendumy 30-njy aprelde geçirmegi belledi. Ýurduň Baş Kanunynyň täze redaksiýasyna şeýle-de 27 madda girizildi.

2002-nji ýylda Özbegistanda Prezidentiň ygtyýarlylyklary 5-den 7 ýyla çenli uzaldylypdy, emma 2011-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzedişler arkaly möhlet ýene öňki bäş ýyla çenli gysgaldyldy.

Ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu wezipä öňki döwlet Baştutany Yslam Karimow 2016-njy ýylda aradan çykandan soň saýlandy. Aradan bäş ýyl geçenden soň, 2021-nji ýylda Mirziýoýew ikinji möhlete üstünlikli saýlandy, onuň üçin saýlawçylaryň 80,12 göterimi ses berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň