Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini HHR-iň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

22:4710.03.2023
0
31655

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hytaý halkara işlerde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde bu gatnaşyklara täze itergi berildi — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle-de Hytaýyň dostlukly halkynyň bähbitlerine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň