Ozal habar berşimiz ýaly, täjik tarapynyň çakylygy boýunça wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde iki günlük saparda bolýar.
Şu gün türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Raşid Meredowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon kabul etdi.
Täjik Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Emomli Rahmon häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma bildirdi. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işini güýçlendirmek bilen bagly zerur işleri ýerine ýetirmek bellenildi. Şeýle-de taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hasaplanýan ulag-logistika, senagat kärhanalaryny döretmek we Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alşyldy.
Ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin, bilelikdäki halkara ylmy-amaly maslahatlary, festiwallary, simpoziumlary geçirmek, şeýle hem iki ýurduň döredijilik wekilleriniň duşuşyklaryny yzygiderli guramagyň zerurdygyna üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbede geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine-de garadylar.