Soňky habarlar

Arhiw

«Bellator 292»: Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda Englikas bilen söweşer

11:1208.03.2023
0
53715

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda «Bellator» promouşenindäki nobatdaky tutluşygyny geçirer. «Bellator 292» söweş agşamynyň çäginde geçiriljek tutluşykda Döwletjanyň garşydaşy litwaly Julius Englikas bolar.

«Bellator 292» söweş agşamy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinde ýerleşýän «SAP-center» arenasynda geçiriler. Bu turnir «Showtime» tölegli teleýaýlymynda ýaýlyma berler.

32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabr aýynda «Bellator» promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Ol bu promouşendäki soňky tutluşygyny 2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde «Bellator 277» söweş agşamynyň çäginde braziliýaly Rafael Karwalýo garşy geçirip, ikinji raundda tehniki nokaut arkaly garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi. Şol üstünlik Döwletjan üçin «Bellatordaky» ilkinji ýeňiş boldy. Oňa çenli Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» iki tutluşyk geçirip, olaryň ikisinde hem garşydaşyndan asgyn gelipdi.

Umumylykda alanyňda, Ýagşymyradowyň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Ol 2018-nji ýylda «ACB-niň» çempiony bolup, 2019-njy ýylda promoşeniň ady «ACA» diýlip üýtgedileninden soňra hem çempionlyk guşagyny üstünlikli gorapdy

31 ýaşly litwaly Julius Englikas häzire çenli 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-synda ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň