Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» we «Benfika» ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

09:2408.03.2023
0
29452

Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda «Çelsi» Dortmundyň «Borussiýasyny» ýeňlişe sezewar etdi. «Stemford Brij» stadionynda geçirilen pýun 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Iňlis klubynyň düzüminde Rahim Sterling (43-nji minut) we Kaý Hawerz (53-nji minut, penalti) tapawutlandy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 1:0 hasabynda «Borussiýa» ýeňiş gazanypdy.

Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, «Çelsi»ÝÇL-iň çärýek finalyna ýollanma aldy.

Parallel wagtda geçirilen beýleki duşuşykda Portugaliýanyň «Benfika» kluby jogap oýnunda hem Belgiýanyň «Brýugge» toparynda 5:1 hasabynda (deslapky oýun 2:0) üstün çykyp, ýaryşyň çärýek finalyna adyny ýazdyrdy.

Martyň 8-nden 9-na geçilen gijede ÝÇL-iň 1/8 finalynyň ýene iki jübütinde çärýek finala çykan toparlar belli bolar. Has takygy, «Bawariýa» «PSŽ» klubyny (deslapky oýun (1:0), «Tottenhem» bolsa «Milany» (deslapky oýun 0:1) myhman alar. Iki duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen sagat 1:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň