Top.Mail.Ru

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi

21:5007.03.2023
0
36288
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler girizildi.

Mejlisde ilki bilen söz berlen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda döwlet Baştutanynyň degişli ugur boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler hakynda hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

— Serkerdeleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýaş esgerleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, harby gullukçylaryň söweşjeň hem-de nazaryýet taýýarlygyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidir — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Degişli hasabatda Içeri işler ministrligine degişli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş merkezleriniň açylyp ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy, berk düzgün-tertibi, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, degişli düzümleriň işinde sanly ulgamdan, häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak, şeýle-de olaryň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz eýerip, dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy.

— Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir hem-de şoňa laýyklykda geljekde-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň gurluşy yzygiderli kämilleşdiriler. Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň