Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy. Bu barada türkmen diplomatik bölümi sosial ulgamdaky resmi sahypasynda habar berdi.
Duşuşykda Rejepow hem-de Sydykow bilim we ylym babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar «ýaşyl wodorod» öndürmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk meselelerine-de degip geçdiler we maglumat tehnologiýasy pudagynda işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini bellediler.