«Soçiniň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew SSKA bilen bolan duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda bu duşuşyk baradaky pikirlerini paýlaşdy.
18-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşykda «Soçiniň» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys. Duşuşykdaky gollaryň ikisini hem hüjümçi Luka Jorjewiç geçirdi.
«Şu gün oglanlar göwnümdäki ýaly oýny orta goýdular. Men duşuşykdan soň olara minnetdarlyk bildirdim» diýip, «Soçiniň» resmi saýty Gurban Berdiýewiň aýdanlaryny getirýär.
RPL-iň 19-njy tapgyrynda «Soçi» «Fişt» stadionynda «Orenburgy» kabul eder.