Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň okgunly osmegine uly goşant goşýar

09:1011.07.2015
0
19365

Ýurdumyzyň okgunly ösmegine Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy saldamly goşant goşýar. Bu toplum milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda esasy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça Türkmenistanyň iň iri kärhanasy hasaplanylýar. Onda ýurdumyzda öndürilýän ähli önümleriň 25 göterimden gowragy öndürilýär. Toplumyň düzümine Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, Kenardaky nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhana we beýleki düzümleýin kärhanalar girýär.

Bu kärhananyň sehleri 450 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýär we bu ýerde 3,5 müňden gowrak adam işleýär. “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda  toplumyň esasy zawodynda tehnologiki desgalary we önümçilik hem-de durmuş-medeni düzümiň desgalaryny gurmak boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Hususan-da, bu ýerde kuwwatlylygy gije-gündizde  5,5 müň tonnadan 7 müň tonna çenli çig nebite barabar bolan, ELOU-AT-6 nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desga guruldy we işe girizildi. Ol nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän sehleriň esasylarynyň birine öwrüldi. Şol sehlerde gije-gündiziň dowamynda jemi 18-20 müň tonna çig mal gaýtadan işlenilýär. Bu desga intellektual tapgyrdaky döwrebap amal ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Olar tehnologiki işi durnuklaşdyrýarlar.

Awiasiýa kerosinini arassalaýan hem-de işlenen aşgary zyýansyzlandyrýan desganyň gurulmagy we işe girizilmegi esasy zawodda durmuşa geçirilen möhüm taslamalaryň biri boldy. Soňra döwrebap önümçilik desgalarynyň sany ýyl-ýyldan artyp başlady. Bu maýa goýum taslamasyny ABŞ-nyň “Meriсhem  Сhemiсais Refmery Serviсes LLС” kompaniýasy türkmen hünärmenleri bilen bilelikde amala aşyrdy. Kerosini arassalaýan inženerçilik desgalarynyň ählisi halkara hil standartlary we ekologiýa howpsuzlyk kadalary nazara alnyp guruldy.

Polipropilen haltalary öndürýän täze desga hem “ýaşyl önümçilik”  ýörelgeleri esasynda işleýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnan degişli kysymly polipropilenden desgada ýylda dürli göwrümdäki ýumşak konteýnerleriň (haltalaryň) 25 müňüsi çykarylýar. Öndürilýän önümleriň şu möçberi nebiti gaýtadan işleýän toplumyň öz önümlerini gaplamak üçin döwrebap gaplara bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Önümiň galan ep-esli bölegi içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýär.

Bu desganyň, sözüň doly manysynda, nebiti gaýtadan işleýän  toplum üçin  täsin önümçilige eýe bolan sehiň gurluşygy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan baş potratçy—Şweýsariýanyň “VenanсoAG” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Kärhananyň giň we ýagty binasynda çig mal we taýýar önümler saklanylýan ammarlar, barlaghana we beýleki otaglar ýerleşýär.

“Nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze inženerçilik desgalarynyň, tehnologiki düzümleriň we umumyzawod hojalygynyň desgalarynyň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar.

Polipropilenden iki okly plýonkany öndürýän sehiň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär. Gudrony asfaltsyzlaşdyrmak bölümli haýal kokslamak desgasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Mazudy wakum arkaly gaýtadan işlemek desgasy, ýeňil benzini izomerlemek desgalar toplumy we beýleki tehnologiki hem-de düzümleýin desgalar ýokary taýýarlyk derejesindedeir.

Suw üpjünçilik we akaba ulgamynyň durkuny täzelemek taslamasy hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň esasy zawodynda iri gurluşyk desgalarynyň biri boldy. Senagat maksatly we tebigaty goraýyş toplumy kärhananyň ekologiýa goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de çig maly rejelei ulanmaga, önümçilik ýitgilerini azaltmaga we degişlilikde, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlygynyň koeffisientini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň harytlyk önümleri nebiti gaýtadan işlemekden alnan önümleriň köp görnüşlerinden hem-de kysymlaryndan ybaratdyr. Olaryň hatarynda suwuklandyrylan gaz, benzinler, kerosinler, dizel ýangyçlary, binýatlaýyn we harytlyk çygzy ýaglary, şeýle hem kokslar, bitumlar, polipropilen, plýonka, haltalar we beýleki harytlar bar. Bu önümler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenilýär.

Önümleri sarp edijileriň çägi örän giňdir. Suwuklandyrylan gaz , Pakistana, Eýrana, Owganystana, Gruziýa we Ermenistan iberilýär. Polipropilen Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýä, Eýrana, Hytaýa we beýleki ýurtlara eksport edilýär. Nebit koksuny Russiýa, Täjigistan, Eýran satyn alýar. Binýatlaýyn çalgy ýaglary Eýrana, Italiýa we Russiýa, awtomobil benzinleri bolsa Owganystana, Eýrana, Yraga ugradylýar. Ýangyç mazutyny, esasan hem,   Russiýa, Ukraina, Gruziýa ýaly ýurtlar alýarlar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky esasy zawoddan ugradylýan nebit önümleriniň umumy möçberinde eksport önümleriniň udel agramy 50 göterime golýadyr.

Öndürilen önümiň esasy bölegi  suwuklandyrylan nebit önümleridir. Olar Kenardaky nebit önümleri saklanylýan we iberilýän kärhananyň rezerwuarlaryna akdyrylýar, şol ýerden bolsa deňiz tankerleri, demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ugradylýar. Suwuklandyrylan gaz zawodyň   ýörite termanalyndan awtomobil we demirýol ulaglary bilen iberilýär. Bitumlar sarp edijilere ýörite awtoulaglarda hem-de demirýol wagonlarynda  ugradylýar. Olar bitum desgasynyň estakadasyndan ýüklenilýär. Nebit koksy (jemi we gyzdyrylan) haýal kokslamak we koksy gyzdyrmak desgasynyň toplaýjy gaplaryndan demirýol ulagy arkaly iberilýär. Tehniki kükürt bellenen ýere awtomobil ulagy bilen iberilýär.

Zawoda gelip gowuşýan çig malyň, himiki reagentleriň we kömekçi serişdeleriň, aralyk hem-de ahyrky önümleriň seljerme gözegçiligi tehniki gözegçilik bölümi tarapyndan amala aşyrylýar. Bu bölüm özüne sekiz barlaghanany birleşdirýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleriniň ýokary hiliniň halkara ykrarnamasy oňa daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanmasyny üpjün edýär. Kärhana abraýly halkara sylaglary – “Altyn globus” (Amesterdam, Niderlandlar, 1995), “Astekleriň ýyldyzy” (Mehiko, Meksika, 1997), “Hil üçin halkara altyn ýyldyzy” (Ženewa, Şweýsariýa, 1999) baýraklarynyň eýesidir. Olaryň hatarynda “Täze müňýyllygyň baýragy” (Pariž, Fransiýa, 2001), “Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň baýragy” (Ženewa, Şweýsariýa, 2001), “Hil üçin halkara baýragy” (Nýu-Ýork, ABŞ, 2002), “Hil üçin altyn ýyldyzy” (Ženewa, Şweýsariýa, 2002),  “Täze müňýylygyň baýragy” (Pariž, Fransiýa, 2007) sylaglary bar.

Daşky gurşawy goramak işleri howa taşlanylýan zyňyndylara, galyndy suwlara we önümçiligiň galyndylaryna olaryň düzüm bölegini, zyýanlylyk  derejesini hasaba almak bilen gözegçilik edilýär. Şunda täze tehnologiýaly desgalaryň gurluşygy başlanmazyndan ozal hünärmenler tarapyndan täze tehnologiýalara we tehniki çözgütleriň taslamasyna seljerme geçirilýär. Täze taslamalar ekologiýa gözegçiligini hem hasaba almak bilen dürli synaglardan geçirilýär. Ol synaglary ýöriteleşdirilen döwlet edaralary amala aşyrýar. Önümçilik desgalarynyň senagat taýdan ulanylmagynyň barşynda zawodyň  merkezi barlaghanasy we gaz halas ediş gullugy tarapyndan enjamlaryň ygtybarlylygyna yzyiderli ýagdaýda gözegçilik  amala aşyrylýar.

Umumy ekologiýa gözegçiligi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tebigaty goramak bölümi tarapyndan amala aşyrylýar. Kärhananyň ekologiýa howpsuzlygyny gowulandyrmakda onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, häzirkizaman tebigaty goraýyş tehnologiýalary, könelişen tehnologiýa desgalarynyň yzygiderli ýagdaýda ulanyşdan aýrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Mysal üçin, dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş desgasynyň işe girizilmegi bilen tehnologiýa işiniň barşynda galyndy önümler – himiki arassa kükürt alnyp, ol geçginli haryda öwrülýär. Şunlukda zawodda, dizel ýangyjynda işleýän awtoulaglarda, demirýol we suw ulagynda kükürt goşundularynyň howa taşlanylmagynyň möçberi azaldylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyň çäginde şeýle hem kitaphana we muzeý ýerleşýär. Kitaphanada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde innowasiýa we durmuş taýdan ähmiýetli taslamalara degişli maglumatlar, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kärhanalarynda ulanmaga berlen senagat desgalarynyň tehniki resminamalary saklanylýar.

Kitaphananyň okalga zalynda amatly mebeller, häzirkizaman enjamlary we kompýuter tehnikasy bar. Önümçilik bölümleri, zawod müdiriýeti we hatda pudaklaýyn ministrlik bilen hem köpýaýlymly aragatnaşyk ulgamy ýola goýlupdyr. Bu ýerde 100 orunlyk mejlisler zaly hem bar.

Mejlislere gatnaşyjylar hemişelik ýagdaýda işleýän wideoproektora noutbuklary birleşdirip, garalýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşyp bilerler. Kitaphanada elektron göterijilerde maglumat gaznasy bar. Neşir önümleri aýratyn kitap saklanylýan binada ýerleşdirilipdir, olaryň has köp isleg bildirilýänleri okalga zalynda goýulýar.

Häzirki zaman ylmy neşirler we uglewodorod önümlerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça dürli ugurlara degişli tejribe häsiýetli işläp taýýarlamalar kitaphananyň esasyny düzýär. Sorag-jogap häsiýetindäki neşirler, bilermenleriň maslahatlary, maglumat-seljeriş äheňli makalalar we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň köpsanly işleri okyjylaryň uly isleginden peýdalanýar, olarda hünärmenleriň nebitgaz pudagynyň innowasiýa ösüşine şahsy garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle hem kitaphanada gadymy we häzir hereket edýän desgalaryň kiçeldilen nusgalary ýerleşdirilipdir.

Bu kärhananyň taryhy, onuň häzirki ýeten derejeleri we geljegi bilen gyzyklanýanlaryň sany az däl. Olar esasan ýaşlardyr. Nesilleriň dowamaty kärhananyň işgärleri bilen ýeterlik üpjün edilmeginiň hem-de üstünlikli işlemeginiň girewidir.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň okuw geçilýän ýörite Tehniki merkezi bar, onda işgärleri, şol sanda buhgalter -  operator, enjamlar boýunça ussa, elektrik, elektrik bilen kebşirleýji we köpsanly beýleki ugurlar boýunça işgärler taýýarlanylýar. Tehniki merkezde, esasan zawodyň hünärmenleri okuw geçýärler. Okuw otaglarynda ýrdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we daşary ýurtly hünärmenler mugallymçylyk edýärler. Olar zawodyň çäginde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde täze desgalary gurmak boýunça sapak geçýärler we ussatlyk tälimlerini berýärler.

Okuw geçmek bilen bir wagtda işgärleri gaýtadan taýýarlamak hem alnyp barylýar, operatorlaryň, maşinistleriň, elektrikleriň we beýleki işgärleriň   hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçilýär. Okuwçylar zawodyň önümçilik bölümlerinde, barlaghanalarynda we zawod müdirliginde, eger-de olaryň hünäri dolandyryş işleri bilen baglanyşykly bolsa okuw tejribelerini geçýärler. Tehniki merkezde ussahanalar, kompýuter otagy, kitaphana, tehniki türgenleşik enjamlary bar.

Zawodda we nebit önümlerini saklaýan we iberýän Kenar kärhanasynda Saglyk öýi hem-de feldşerçilik bölümçi açyldy. Bu lukmançlyk edaralary häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilendir, rentgen anyklaýyş, ultrases barlaglary otaglary, şeýle hem terapewt, hirurgiýa we stomotologiýa we beýleki otaglar nebirçileriň hyzmatynda.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň lukmançylyk gullugynyň işgärleriniň esasy wezipesi nebithimiýa önümçiliginiň dürli ugurlarynyň 150 hünäri boýunça işgärleri özünde jemleýän ýurdumyzyň iň iri kärhanasynyň işgärleriniň kesellemeginiň öňüni almakdyr.  Zawodyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda deňziň kenarynda gurlan “Arzuw” şypahana sagaldyş toplumynyň bejeriş-sagaldyş otaglary hem şu maksada gulluk edýär. 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş zawody şäher dörediji kärhanadyr. Soňky ýyllaryň içinde zawod tarapyndan şäher üçin durmuş medeni maksatly desgalaryň ençemesi bina edildi. Olaryň hatarynda bir gije gündizde 35 müň kub metr kuwwaty bolan suw arassalaýjy desga, “Awaza” dynç alyş zolagynda gämi gatnawly derýa, 600 orunlyk täze häzirkizaman mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagy bar.

Şäheriň taryhy merkezinde ýerleşýän nebitçileriň Medeniýet köşgüniň durkunyň täzelenmegi şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy, bu ýerde çagalaryň we ulularyň döredijilik başarnyklaryny açmak, dürli medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Isleg bildirýänleriň ählisi üçin “Şagadam” stadionynyň we köpugurly bedenterbie-sagaldyş toplumynyň gapylary açykdyr.

Häzirki zaman çagalar baglaryny we kombinatlaryny öz içine alýan zawodyň mekdebe çenli ýaşly çagalar  edaralarynyň ulgamy yzygiderli giňelýär. Şu ýyl 160 orunlyk çagalar bagy we her biri 320 orunlyk iki sany häzirkizaman çagalar bagy olaryň üstüni ýetirdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem giň gerime eýe boldy. Soňky ýyllaryň içinde zawodyň dört sany köp gatly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi, olar täze görnüşli ýaşaýyş jaý toplumyny emele getirdi. Ýakyn wagtda ýene-de ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi, degişlilikde 40 öýli we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ýokary amatlyklary bolan 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygynda timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Iki sany 52 öýli ýaşaýyş jaýyny öz içine alýan toplum gurulýar. Bulardan başgada şäheriň dürli künjeklerinde 24 öýli iki sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam edýär.

Nebiti gaýtadan işlemegiň depginleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýokary hilli önümleriň goýberilişiniň möçberleriniň artdyrylmagy zawod işgärleri we şypahana – şäheriň ýaşaýjylary üçin durmuş düzüminiň desgalarynyň bina edilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ajaýyp netijeleridir, ol syýasatyň esasy maksady döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu syýasat netijesinde biziň garaşsyz Watanymyz ýurduň ilatynyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýän gülläp ösýän döwlete öwrülýär.

Bu köpugurly asylly işe Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar, kärhananyň  işgärler topary milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň