Arhiw

Häkimler bilen iş maslahaty: oba hojalyk işleriniň, gurluşyklaryň barşyna garaldy

21:5606.03.2023
0
35830
Häkimler bilen iş maslahaty: oba hojalyk işleriniň, gurluşyklaryň barşyna garaldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere garady.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň doly taýýar edilendigi barada aýdyldy.

Ahal welaýatynyň ekin meýdanlarynda sogan ekmek işleriniň tamamlanandygy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Ýeralmanyň ekişiniň hem agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Degişli hasabatlarda Balkan welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň ekişiniň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi, sogan ekilen ýerlerde ideg işleriniň alnyp barylýandygy, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa ýeralmanyň we soganyň ekişiniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilýändigi, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyna, geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, gök-bakja ekinlerini ekmek, şeýle-de bugdaýa ideg etmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek we bu ugurdaky guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek hakyndaky Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Ýurtda pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp, tekizleýiş işleri dowam edýär. Sürüm we tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlarda bolsa geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksadynda pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigidi taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Ony bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurtda suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak maksady bilen, bugdaýa ösüş suwuny talabalaýyk tutmak hem-de suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän degişli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere tabşyryklary berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurtda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň nahallaryny, ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini, ýazlyk ekinleriň ekişini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyny dowam edip, welaýatlaryň häkimleriniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda sebitlerde gurulmagy ýa-da durky täzelenilmegi göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän edaralaryň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dürli maksatly desgalaryň we binalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň