Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada ýolagçy we ýük otlulary çaknyşdy

18:0001.03.2023
0
27286

Gresiýada ýolagçy otlusy ýük otlusy bilen çaknyşyp, demir ýoldan agdy diýip, ýurduň «Proto Thema» gazeti habar berdi. Neşiriň habaryna görä, ýolagçy otlusynda 350 ýolagçy bardy. Heläkçilik netijesinde 29 adam pida boldy, 85 adam şikes aldy.

Otly Saloniki-Larisa ugry boýunça barýardy. Heläkçiligiň bolan ýerinde güýçli ýangyn döredi.

Çaknyşyk ýerli wagt bilen sagat 23:00-da, Larisa şäheriniň golaýynda boldy.

«Habar 24» saýty otly heläkçiliginde 36 adamyň pida bolandygyny ýazýar. Neşiriň ýazmagyna görä, ýolagçy otlusynda bolan ýolagçylaryň biri: - Biz elhenç gümmürdi eşitdik. Ol on sekunt dowam etdi. Wagonda her birimiz bir tarapa zyňyldyk. Hemme ýerini ýalyn gurşady. Başagaýlyk başlandy. Biz edil gapana düşen ýalydyk - diýip gürrüň berdi.

«RIA Nowosti» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, demir ýol heläkçiliginiň yzysüre Gresiýanyň infrastruktura we ulag ministri Kostas Karamanlis öz wezipesinden gidýändigini resmi habar berdi. Grek ministri muny demir ýol hadysasynda pida bolanlaryň ruhuna hormat goýmak bilen şeýle netijä gelendigi bilen düşündirdi. Ol ýurduň Ministrler Kabinetiniň grek demirýollaryny 21-nji asyra laýyk gelmeýän ýagdaýda kabul edendigini, özüniň ýagdaýy düzetmek üçin elde baryny edendigini, emma heläkçiligiň öňüni almak üçin 3,5 ýylda eden tagallalarynyň ýeterlik bolmandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň