Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçy Warşawada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medal eýeledi

23:0325.02.2023
0
27648

Türkmenistanly dzýudoçy Hakberdi Jumaýew Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Ol bu üstünlige 60 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda ýetdi. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda ukrainaly Nazar Wiskowy ýeňen türkmen türgeni bürünç medaly gazagystanly Şerzod Dawlatow bilen paýlaşdy.

Bu agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna 20 ýaşly fransiýaly türgen Waladýe Pikar çykdy. Ol altyn medal ugrundaky duşuşykda watandaşy Žan Enzony ýeňdi.

Bu üstünlikli Hakberdi Jumaýewiň Ýewropanyň açyk çempionatyndaky ilkinji ýeňşi däldir. Ol geçen ýylyň sentýabr aýynda Awstriýanyň Oberwert şäherinde geçirilen açyk çempionatda hem altyn medal gazanypdy.

Türkmenistan Polşada geçirilen ýaryşa 13 türgen bilen gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň