Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmennebit» döwlet konserni Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny göni garamagyna alar

22:5024.02.2023
0
35206

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine şu konserniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugyny bellenen tertipde konserniň göni garamagyna almak hem-de ony Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy diýip atlandyrmak tabşyryldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

«Türkmennebit» döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň