Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Şunda «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak, şeýle-de döwrüň talaplaryndan ugur alyp, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam edýändigi, mart aýynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri barada aýdyldy. Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyny Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi, bu ýurduň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alyp maslahatlaşylyp, käbir resminamalara hem gol çekildi.