Soňky habarlar

Arhiw

1-nji aprelde Täjigistanyň futbol çempionatyna badalga berler

18:2424.02.2023
0
21080

Şu gün Duşenbe şäherinde Täjigistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň arasynda geçiriljek ýaryşyň bijeleri çekildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

Ýurduň çempionatynyň 32-nji möwsümine dokuz topar gatnaşýar. Olar «Istiklol», SSKA (ikisi hem Duşenbe), «Rawşan» (Kulýab), «Hujand», «Eshata» (ikisi hem «Hujand»), «Hatlon» (Bohtar), «Faýzkand» (Wose), «Regar-TadAZ» (Tursunzade), «Hosilot» (Farhor) we «Kuktoş» (Rudaki) toparlarydyr.

Täjigistanyň çempionatynyň täze möwsümine 1-nji aprelde badalga berler. Ol iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyrda 10 topar iki aýlawdan ýaryşar. Soňky tapgyrda olar şol aýlawlaryň netijesi boýunça iki toparça bölünerler. «A» toparçany emele getirjek öňdäki 5 topar çempionlyk, «B» toparçanyň wekilleri bolsa aşaky liga düşzmezlik üçin göreşerler. Möwsümiň ahyrynda iň pes netije görkezen iki topar Birinji liga düşüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň