Medwedew Rotterdamda çempion bolup, ATP-niň reýtinginde onluga dolandy

21:1920.02.2023
0
34677

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Rotterdamdaky ýaryşda baş baýraga eýe çykdy. Ol bäsleşigiň final oýnunda italiýaly Ýannik Sinner bilen güýç synanyşyp, 5:7, 6:2, 6:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşyk 2 sagat 31 minut dowam etdi.

Bäsleşikdäki ýeňiş arkaly russiýaly tennisçi 500 reýting utugyna we 388 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, şu gün täzelenen ATP reýtinginde Daniil Medwedew üç basgançak ýokarlap, 8-nji ýere geçdi. Häzirki wagtda bu sanawyň başyny serbiýaly Nowak Jokowiç çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň