Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5220.02.2023
0
39333
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem degişli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, ýagny sürmek we tekizlemek, geriş çekmek işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleriniň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada bellenildi.

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri bu sebitlerde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilendigi barada hem habar berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine çenli taýýarlamak, şeýle-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Şeýle hem obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardyr binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda-da häkimlere birnäçe degişli tabşyryklar berildi.

Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tejribeli hünärmenleriniň hem-de alymlarynyň ýurduň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ýardam we maslahatlaryny bermek üçin yzygiderli iş saparlarynda bolýandyklary, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, ony bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer ýurtda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki ähmiýetli ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de şu ýyl gowaçanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, hususan-da, derýalaryň we suw akabalarynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak, kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de iş maslahatyny jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň