Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» haly kärhanasy önümlerine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

12:1020.02.2023
0
40346

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän «Kümüş Ýüpek» haly önümçilik kärhanasy el halylarynyň ähli görnüşlerine 30%-den 50%-e çenli arzanladyşyň yglan edilýändigi barada habar berýär.

«Kümüş Ýüpek» kärhanasynyň dokmaçylary dürli görnüşdäki we islendik ölçege niýetlenen halylary, şeýle-de myhman we ýatylýan otag üçin, çagalar otagyna niýetlenen halylary, halyçalar, namazlyklar, haly horjunlary ýaly dürli maksatly haly önümlerini gysga möhletiň dowamynda dokap berýärler. Halylaryň dokalyşynda türkmen milli gölleri bilen birlikde pars halylaryna mahsus bolan ajaýyp şekiller hem ulanylýar.

Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda Halajyň «Kümüş Ýüpek» haly kärhanasynyň haly dükanynyň açylandygyny ýatladýarys.

Şeýle-de Halajyň «Kümüş Ýüpek» haly kärhanasynyň önümleri bilen tanyşmak we haly sargyt etmek üçin kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabyna ýa-da Turkmen Carpets web saýtyna girip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň