Soňky habarlar

Arhiw

Ilçi Sapar Palwanow şol bir wagtda täze wezipelere bellenildi

22:0618.02.2023
0
48485

Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek barada guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň