Röwşen Meredow «Kaganat» futbol toparyndaky işi barada gürrüň berdi

10:1618.02.2023
0
29361

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde «Kanagatyň» baş tälimçisi bolup işlän türkmenistanly hünärmen Röwşen Meredow «7/24» elektron neşiriniň sowallaryna jogap berdi.

— Hawa, «Kaganatdan» gaýtdym. Klub ýolbaşçylary hem beýlekiler bilen dostlukly hoşlaşdyk. Aslynda, şertnamanyň özem bir ýyllyk baglanyşylypdy we görşümiz ýaly, bir ýyldan soň ýolbaşçylar biraz wagt uly futbol toparyna arakesme bermegi makul bildiler. Şol sebäpden hem, şertnamany uzaltmadyk. Gyrgyz Respublikasynda geçirilen möwsüm gowy geçdi diýesim gelýär, sebäbi ýaş futbolçylar bilen netijeli işleri etdik, owadan oýunlar görkezdik. Men şägirtlerimdenem, şeýle-de bize şert döredip beren topar ýolbaşçylaryndanam minnetdar ― diýip, tälimçi janköýerleriň gyzyklanýan sowalyna jogap berdi.

Şeýle hem Röwşen Meredow häzir özüne käbir teklipleriň bardygyny aýtdy. Ýöne Daşkendiň «Lokomotiwinden» teklip gelendigi barada myş-myşlary tassyklamaýandygyny aýtdy.

— Gyrgyz Respublikasynda futbol güýçli depginde ösýär. Şol sebäpli-de, men gyrgyz futbolynyň geljegine uly baha berýärin. Hünärmen hökmünde, galyberse-de, köp ýaşlary özünde jemlän topara tälim beren tälimçi hökmünde ýurduň ýetişip gelýän ýaşlary gyrgyz futbolyny ýokary galdyryp biljek ýigitler diýip bilerin ― diýip, ol «Kaganatyň» ýakyn geljekde has güýçli topar bolup, çempionata dolanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň