Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza bolmak ugrundaky çäreleri işjeňleşdirer

23:1817.02.2023
0
32762

Türkmenistan halkara söwda ulgamynda hyzmatdaşlyga jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Şunda Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 13-nji fewralynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň BSG-niň Baş direktory bilen bolan duşuşygynyň barşynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistana goşulyşýan döwlet, ýagny «işjeň synçy» derejesiniň berilmegi bu guramanyň çäklerinde işi işjeňleşdirmäge hem-de geljekde onuň doly hukukly agzasy bolmaga mümkinçilik berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe teklipler, şol sanda BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatdaky teklipler taýýarlanyldy.

Şeýle hem degişli düzüm birligini açmak, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmek, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň wekiliýetini hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin BSG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Ženewa şäherine (Şweýsariýa Konfederasiýasy) gulluk iş saparyna ibermek teklip edilýär. Bular barada 17-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe uly üns berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde aýdylyşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Bu babatda Türkmenistan jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda bütindünýä forumlarynyň meýdançalarynda işjeň gatnaşyk edip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, energetika, ulag we logistika, ynsanperwer, ekologiýa ýaly ileri tutulýan ulgamlarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýöriteleşdirilen düzümler, hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistana BSG-ä goşulyşýan döwletiň («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edip, ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň