Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanda giň gerimli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sene mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada Hökümetiň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli şu ýylyň mart aýynyň başynda ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde giň gerimli baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Baýramçylyga gabatlanylyp, «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemleniler, «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigi, köp çagaly maşgalalaryň arasynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly estafeta bäsleşigi geçiriler.
7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak dabarasy geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.
8-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ähli zenanlara çuňňur hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp bahar baýramynyň ähmiýeti barada aýtdy. Şeýle-de uly hormata eýe bolan zenanlar barada döwlet tarapyndan hemişe alada ediljekdigini, olaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleriň dörediljekdigini, zenanlaryň zähmetiniň we hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goraljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, olara ýaşlaryň gatnaşmagyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.