Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Lebedewiň synçylar toparyna başlyklygy GDA agza döwletleriň doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi tarapyndan tassyklandy diýlip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawy 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriler. Şeýle hem şol gün welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary bolar.
GDA-nyň synçylar topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çakylygy boýunça saýlawlaryň alnyp barlyşyna gözegçilik eder. Toparyň işi, öňki saýlawlardaky ýaly, syýasy bitaraplyk, saýlaw işine hem-de döwletiň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgeleri esasynda we milli kanunçylyga laýyklykda gurlar.