Soňky habarlar

Arhiw

Ýuriý Žirkow futbol karýerasyny ýapdy

10:2914.02.2023
0
29561

Russiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy Ýuriý Žirkow futbol karýerasyny tamamlady.

39 ýaşly futbolçynyň iň soňky çykyş eden topary «Himki» bolupdy. Ýuriý topar bilen şu möwsümiň ahyryna çenli bolan şertnamasyny uzaltmady.

«Karýeramy ýapmaga wagt boldy diýip hasaplaýaryn. Geljekdäki meýlim näme? Hiç zat meýilleşdiremok. Durmuşyň akymyna görä gidibererin» diýip, ol «RB Sport»-a beren interwýusynda aýtdy.

Futbol ýoluna Tambowyň «Saprtagynda» başlan Žirkow dürli ýyllarda SSKA-da, Londonyň «Çelsisinde», Russiýanyň «Anži», «Dinamo» we «Zenit» toparlarynda çykyş etdi.

Milli ýygyndyda-da 104 duşuşyk geçiren Ýuriý Žirkow olarda 2 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň