Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi COMSTECH-iň baş koordinatory bilen duşuşdy

15:2413.02.2023
0
42733

COMSTECH-iň Sekretariatynyň binasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamowyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik komitetiniň (COMSTECH) baş koordinatory M.I.Çoudhary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherindäki häzirki zaman şäher gurluşygyna degişli ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylandygy, şeýle hem desgalarda «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenip düzülendigi barada maglumat berdi.

Pakistan tarapy Arkadag şäherinde «Akylly şäher» konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulan desgalara, binalara, infrastrukturalara ýokary baha berdi.

Taraplar ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi ylalaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin degişli işleriň alnyp baryljakdygyny ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň