Soňky habarlar

Arhiw

GDA sport aýry-aýry görnüşleri boýunça çempionatlary geçirmegi meýilleşdirýär

13:3913.02.2023
0
19003

9-njy fewralda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Minsk şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen maslahatda sportuň dürli görnüşlerinden GDA-nyň çempionatlaryny guramak baradaky teklip orta atyldy.

Maslahata Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden wekiller gatnaşdylar.

Bu duşuşykda bilermenler GDA-nyň çempionatlaryny (birinjiliklerini ýa-da Kuboklaryny) guramak bilen bagly meselelere seretdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda GDA-da sport hyzmatdaşlygyna giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagtynyň ýetendigini bellemek bilen, Arkalaşygyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip edipdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda diňe bir GDA-nyň däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň hem türgenleri üçin açyk bolan, yzygiderli esasdaky «Dostluk oýunlaryny» guramak boýunça işe başlamak teklibi eriş-argaç bolup geçipdi. «Dostluk oýunlary» möwsümleýin, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilinjekdigi aýdylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň