Tatarystanyň Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar institutynda Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew hem gatnaşdy.
Şeýle hem bu çärä Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kazandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylygy, daşary ýurt döwletleriniň Tatarystan Respublikasynda işleýän baş we hormatly konsullary, Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary we başgalar gatnaşdylar.
G.Garaýew öz çykyşynda maslahata gatnaşyjylary Russiýanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bitaraplygy, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada gürrüň berdi.
Diplomat Türkmenistan bilen Russiýanyň, şeýle hem onuň sebitleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns çekdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bellendi.