Astrahan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gämi gatnawynda 4 sany gury ýük gämisini işe girizmekçi

16:5610.02.2023
0
28561

abnews.ru habar gullugynyň habar bermegine görä, Astrahan sebitiniň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynskiý Hazar deňzinden haryt daşamak üçin täze gämiler gurmak meselesine degip geçdi.

Astrahan gämi abatlaýyş kärhanalary Hazar basseýniniň we Hazar deňziniň portlarynyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän gury ýük gämilerini gurýarlar.

«Döwlet transport lizing kompaniýasynyň tabşyrygy bilen, «Lotos» gämi gurluşyk zawodynda her biri 530 konteýneri daşamaga ukyply dört sany konteýner gämisiniň gurluşygy dowam edýär. Olar 2025-nji ýylda Hazar deňzinde ýüzüşe başlarlar» — diýip, Wolynskiý nygtap geçdi.

Onuň sözlerine görä, Astrahan we Türkmenbaşy portlaryny birleşdirjek deňiz ýolunyň resmi taýdan açylmagyndan soň, ýük eýelerine we Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryna gämileriň hereketi üçin takyk wagt tertibi berler. Iş tertibine görä, Hazaryň üsti bilen Astrahan sebitine haryt iberilmegini meýilleşdirmek mümkin bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň