Türkmenistanly ýaşlar «Aziýanyň çagalaryna» taýýarlygy jemleýji tapgyrlarda alyp barýarlar

11:1807.02.2023
0
20309

Türkmenistanly ýaş türgenler şu ýylyň 23-nji fewraly ― 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Kuzbass şäherinde geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky oýunlaryna taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu barada MIR 24 habar berdi.

Oýunlara Aziýa döwletleriniň birnäçesinden we Russiýadan, Belarusdan ýaş türgenler ― çagalar gatnaşar. Onda türkmenistanly çagalaryň hem üstünlikli çykyş etmegine garaşylýar.

«Häzir Türkmenistanda bäş sany buzly sport toplumy hereket edýär. Olaryň iň ulusy 10 müň tomaşa niýetlenendir. Şort trek hokkeý we figuralaýyn typmak bilen birlikde gyşky sport görnüşleriniň Türkmenistanda iň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Bu ugurda ýurtda geljegine uly umyt bildirilýän ýaş türgenler barmak büküp sanardan kän. Ýakynda bolsa Türkmenistan Konkide typmagyň halkara bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi» diýip, neşiriň sport synçysy Dmitriý Kalugin ýazýar.

«Aziýanyň çagalarynyň» sport ýaryşlaryna 24-nji fewralda hokkeý ýaryşy bilen badalga berler. Ýaryşlar 4-nji mart güni dag lyžasy boýunça türgenleriň çykyşy bilen tamamlanar. Oýunlaryň bütin dowamynda oňa gatnaşyjylar medallaryň 227 toplumy üçin göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň