Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

14:1106.02.2023
0
45151

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­gyn­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň döw­re­bap bi­na­sy­ny gur­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik yg­lan ed­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 84-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň