Gonkongyň «Kitçi» toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow ýurduň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Şam-Şuý-Po» kluby bilen bolan oýunda öz adyna gol ýazdyrdy. Has takygy, Ruslan Mingazow 7:0 hasabynda «Kitçiniň» ýeňşi bilen tamamlanan oýnuň 13-nji minutynda tapawutlanmagy başardy.
Şeýlelikde, Mingazow Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminde uran gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Häzirki wagtda ol çempionatyň bombardirleriniň arasyndaky ýaryşda çernogoriýaly Deýan Damýanowiçden (11 gol) soňra ikinji ýerde barýar.
Mingazowyň çykyş edýän «Kitçi» topary bolsa ýeňişlerini 9-a ýetirip, 27 utuk bilen turnir tablisasynda liderlik edýär. «Kitçi» çempionatdaky indiki oýnuny 12-nji fewralda Gonkongyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy (U-23) bilen oýnar.