Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy dünýä reýtinginde 40 basgançak ýokary galdy

20:2003.02.2023
0
21179

Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy FIDE-niň reýtinginde 40 basgançak ýokary galdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Halkara küşt federasiýasy tarapyndan düzülýän reýting aýda bir gezek paýlaşylýar. Türkmenistanyň iň güýçli 10 zenan küştçüsiniň bilelikdäki reýtingi 200 döwletiň arasynda 1940 utuk bilen 56-njy orunda görkezilýär.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň reýtinginiň şeýle çalt ýokarlanmagy soňky bir ýylyň içinde milli ýaryşlaryň ýygy-ýygydan geçirilip, küştçüleriň tejribesiniň artmagy bilen baglydyr. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýakynda ýaşlaryň arasyndaky milli birinjiligi geçirdi. Şu günler zenanlaryň arasynda Ýokary liganyň duşuşyklary dowam edýär. Fewralyň ahyrynda bolsa erkekleriň arasynda Ýokary liganyň wekilleri özara güýç synanyşarlar.

Reýtingde Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň hem öz ornuny ýokarlandyrandygy görünýär. Häzir ýurduň erkekler ýygyndysy 66-njy orny eýeleýär. Halkara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew häzirki wagtda iň kän utugy bolan türkmenistanly küştçüdir. Täzelenen reýtingde onuň utugy 2516-a çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň