Soňky habarlar

Arhiw

CAFA bilen WAFF özara hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekişdiler

23:5401.02.2023
0
21600

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) Günbatar Aziýanyň Futbol federasiýasy (WAFF) bilen özara hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekişdi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Gol çekişlik dabarasy sişenbe güni Bahreýniň Manama şäherinde geçirildi. Ähtnama CAFA tarapyndan baş kätip Ulugbek Karimow (Täjigistan), WAFF tarapyndan hem baş kätip Halil al-Salem (Iordaniýa) gol çekdi.

Günbatar Aziýanyň futbol federasiýasy 2001-nji ýylda döredildi. Ony Eýranyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Palestinanyň, Liwanyň we Siriýanyň futbol federasiýalary bilelikde esaslandyrdylar. 2009-njy ýylda BAE, Katar we Ýemen hem federasiýanyň agzasy boldy. 2010-njy ýylda bolsa Saud Arabystany, Oman, Kuweýt we Bahreýn bu federasiýa goşuldy. Eýran 2014-nji ýylda CAFA-nyň döredilmegi bilen Eýran federasiýadan aýryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň