Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda ýitmek howpy abanan saýgaklaryň sany dikeldildi

15:0231.01.2023
0
31477
Gazagystanda ýitmek howpy abanan saýgaklaryň sany dikeldildi
Surat: livingasia.online

Gazagystanda ýitip ýok bolmak howpy abanan saýgaklaryň sany dikeldildi. Bu barada TASS habarlar gullugy ýurduň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň wekili Andreý Kimiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Saýgaklar Ýewraziýanyň sähralyklarynda ýaşaýar, olaryň 90 göterime golaýy Gazagystanda duşýar. Olar öň köpçülikleýin awlanylýardy. Saýgaklar sagatda 80 kilometr tizlikde ylgamagy başarýarlar. Şunda olaryň burnunyň gurluşy hem sowukda, hem-de tozanly ýarym çöllük şertlerde ýaşamaga mümkinçilik berýär.

«Häzirki wagtda saýgaklaryň sanynyň dikelendigini aýtsa bolar. 2003-nji ýylda olaryň sany 21 müň bolan bolsa, 2022-nji ýylyň baharynda saýgaklaryň 1,3 million baş sanyny anyklamak başartdy» diýip, Kim gürrüň berdi.

Saýgaklar ýitip ýok bolmak howpy abanýan görnüş hökmünde 1996-njy ýylda Gyzyl kitaba girizilipdi. emma 1992-nji ýyldan 2003-nji ýyla çenli olaryň baş sanynyň 50 esse, ýagny 1 million bolanlygyndan 21 müňe çenli azalandygy anyklandy. Diňe 2003-nji ýyldan başlap, tebigaty goramak boýunça geçirilen çäreler netijesinde saýgaklaryň sany artyp başlady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň