Indoneziýada seýrek pyşdyllar halas edildi

17:0416.01.2023
0
58955
Indoneziýada seýrek pyşdyllar halas edildi
Surat: 24.kz

Indoneziýada kyrkdan gowrak ýaşyl deňiz pyşdylyny brakonýerleriň torundan halas etdiler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Häzir ýurduň kenarýaka suwlary Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň wekilleriniň gözegçiliginde saklanýar. Halas edilen pyşdyllary gözden geçirip, ýene deňze goýberýärler. Soňky ýyllarda bu seýrek ýaşyl pyşbagalaryň sany bikanun awlanylmagy netijesinde azaldy. Olary, esasan, Malaýziýa, Wýetnam we Hytaý ýaly ýurtlara äkidýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň