Soňky habarlar

Arhiw

Naboýçenko tälimçilik ýoluny «Tobolda» dowam etdirer

19:3630.01.2023
0
31442

«Tobol» futbol toparynyň derwezeçileriniň tälimçisi Ýewgeniý Naboýçenko klubdaky işini täze baş tälimçi, serbiýaly hünärmen Miliç Çurçiçiň ýolbaşçylygynda hem dowam etdirer. Bu barada gazak toparynyň resmi web saýty habar berýär.

Klubyň şu aýyň başynda Çurçiçiň futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine getirilendigini habar beripdi. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Naboýçenko bolsa bu toparda 2018-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

1970-nji ýylda Aşgabatda doglan Ýewgeniý Naboýçenko Aşgabadyň «Köpetdag», Gazagystanyň «Kaýrat», «Megasport» we «Astana» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. Şeýle hem 1997 ― 2004-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.

Sergeý Naboýçenko tälimçi hökmünde Gazagystanyň «Astana» we «Aktobe» toparlarynda hem işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň