Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Balkan” Türkmenistanyň Kubogynyň eýesini uly hasap bilen ýeňdi

09:3122.06.2015
0
4026

Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri ýaryş tertibiniň başyny çekýän “Altyn asyra” bir utuk ýakynladylar.

24-nji iýunda 11-nji tapgyryň soňa süýşürilen merkezi duşuşygy geçiriler, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bilen ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyr” duşuşar. Bu toparlaryň arasynda birinji aýlawda bolan oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdyr.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Balkan” – “Ahal” – 4:1 (2:0)

20-nji iýuny. Balkanabat. «Sport toplumy». 2 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Serdaraly Ataýew 8, Begenç Annakurbanow 42, Amir Gurbany 51, Myrat Ýagşyýew 59 – Mihail Titow 50.

Duýduryş alanlar: Ýagşymyrat Annamyradow 36 – Rahmet Şermetow 20, Begli Meredow 45+1, Zafar Babajanow 62.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Konstantin Korotkow.

14-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Bellik: "Aşgabat" "Şagadamy" özara duşuşykda ýeňenligi üçin ýaryş tablisasynda ýokarda galdy.

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 18 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 15.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 11 (5).

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň