2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Saratow döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany bir müňden geçdi.
Soňky bäş ýylda bu ýokary okuw mekdebindäki türkmen talyplarynyň sany ozalkysyndan 2,5 esse artdy. 2017/2018-nji okuw ýylynda bu ýerde 474 sany türkmen talyby okan bolsa, häzirki wagtda olaryň sany 1159 adama ýetdi. Bu barada uniwersitetiň prorektory Dmitriý Konakow maglumat berdi.